caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES

Bilim binýady berkeýär

13.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň düzümlerini kämilleşdirmäge, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmaga, pedagogik işgärleriň hünär taýdan tejribelerini artdyrmaga, häzirkizaman bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň döwlet maksatnamalary boýunça amala aşyrylmagy bolsa bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly we toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine itergi berýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bilim özgertmeleriniň çäklerinde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Ýylyň-ýylyna täze çagalar bakja-baglary gurlup ulanylmaga berilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, okatmagyň we terbiýe bermegiň täzeçe usullary ornaşdyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadam basylan täze okuw ýylynda hem ähli sebitlerde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň bilim ojaklarynda hem turuwbaşdan zähmet üstünlikleri gazanylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda täze ýyllyk iş meýilnamalary esasynda dürli pedagogik we usuly ugurly çärelere, okuw sapaklaryna we gün tertibiniň şadyýan pursatlaryna giň gerimde badalga berildi. Bu okuw ýylynda hem okuw-terbiýeçilik işlerine gözegçilik, pedagogik geňeşler, usuly sagatlar, usuly otagy enjamlaşdyrmak, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, halypaçylygy ýola goýmak, mekdep we maşgala bilen bilelikdäki işleri, gezelençleri, baýramçylyklary, bäsleşikleri we dürli barlaglary geçirmek, önümçilik maslahatlaryny, ata-eneler ýygnaklaryny we jemgyýetçilik guramalaryň işlerini sazlaşykly utgaşdyrmak ugrunda ähli tejribeler netijeli peýdalanylar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ösüp gelýän nesillerimize ata­-babalarymyzyň öwüt-­ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has­-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-­de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, bu okuw ýylynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça hem degişli Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçiriler.

Taryhy zamanamyzda ýurdumyzyň körpe nesillerini milli we döwrebap ruhda terbiýelemäge, hünärleri kämilleşdirmäge we bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşup, yhlasly zähmet çekmäge gönükdirilen uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitarap 02 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady

bilim mekdep g THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilimli ýaşlar – Watanyň daýanjy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop