Dark
Light
24.01.2026
bilim okuwcy THE ASHGABAT TIMES

Bilimler dünýäsine ýol

02.09.2025

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýaş nesillere bilimler we ylymlar dünýäsinde üstünlikler arzuw edilýär.

Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň iň gowy nusgalary esasynda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýady emele getirýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere “Bilimli” atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi.

Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Eziz Watanymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we Lebap welaýatynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Hususan-da, jemi 2 müň 800 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdep, 1 müň 120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda geçirilen dabaraly çäreler ýaş nesiller, olaryň bilim almagy, terbiýelenmegi we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döwletimiziň ägirt uly işleri durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Bilim bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, parasatly halkymyz öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilmegi, täze bilim ojaklarynyň açylmagy bolsa milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Padma HUDAÝBERDIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym-bilim – bagtly geljegiň açary

saglyk derman THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Il saglygy – ýurt baýlygy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop