Dark
Light
03.01.2026
kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy 1 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň halkara binýady

26.09.2025

Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi. Dünýä jemgyýetçiligi onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar edip, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň resminamalary, şol sanda Baş Assambleýanyň Kararnamalary bu syýasatyň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir harby bileleşiklere gatnaşmazlyk baradaky ýörelge bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, parahatçylygy pugtalandyrmak üçin netijeli gural bolup durýar. Bu syýasat öňüni alyş diplomatiýasy we parahatçylykly gepleşikler ýaly mehanizmleri ulanmak arkaly parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi goldamaga gönükdirilendir. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň iň möhüm netijeleriniň biridir.

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ýurdumyzyň ösüşi we halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin binýat bolup hyzmat edýän möhüm ykdysady ähmiýeti hem bar. Döwletimiziň harby we syýasy bileleşikler bilen bagly bolmadyk bitaraplygy işewürlik üçin amatly şertleri döredýär, maýa goýumlary çekmäge we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterip, onuň ykdysady ösüşine ýardam berýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň içerki durmuşynda hem ähmiýetli orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen Bitaraplyk daşary syýasat doktrinasy bolmak bilen, milli taglymatyň wajyp bölegine öwrüldi. Bitaraplygyň bilim ulgamynda giňden wagyz edilmegi ýaş nesilleriň ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluna bolan buýsanjyny artdyrýar. Munuň özi yzygiderli we uzak möhletli daşary syýasaty durmuşa geçirmek üçin jemgyýetçilik durnuklylygyny döredýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllary içinde toplan oňyn tejribesi milli çäklerden çykyp, halkara jemgyýetçilik üçin nusga bolup durýar. Türkmenistanyň tejribesi döwletleriň häzirki ählumumy ýagdaýlarda diňe bir özygtyýarlylygy gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, diplomatiýanyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallaryny ulanmak arkaly, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gurmaga-da işjeň gatnaşmaga ukyplydygyny görkezýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasy işjeň, netijeli we hoşniýetli gatnaşyklaryň mysaly bolmak bilen, bu halkara hukuk ýagdaýynyň durnukly ösüş, abadançylyk üçin möhüm şert bolup hyzmat edýändigini tassyklaýar.

Maýsa NURÝAGDYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

28082025 004 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energiýa Innowasiýasy: Türkmen Alymlaryndan Ekologiýa taýdan Arassa Tehnologiýa

garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop