Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy. Bu maslahat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, 100-den gowrak ýurtdan ýokary wezipeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň 50-ä golaýyndan, öňdebaryjy kompaniýalaryň 20-den gowragyndan wekilleri jemläp, dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty mynasybetli dabaradaky çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini mälim etdi. “Bu maksatlar syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. BMG-niň maslahaty umumy erki, jebisligi hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlylygy görkezmäge gönükdirilendir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, forumyň giň wekilçiligi, ýokary guramaçylyk derejesi we hyzmatdaşlyk üçin aňrybaş şertleriň döredilendigi ýokary derejeli myhmanlar tarapyndan aýratyn bellenildi. Maslahatyň netijeli işi üçin halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa ýaly ugurlardaky möhüm meseleleri, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerindäki anyk maksatlarydyr çäreleri öz içine alýan gün tertibi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Maslahatyň çäklerinde bäş günüň dowamynda serginiň ýaýbaňlandyrylmagy DÇBÖBD-niň ykdysadyýetleriniň ösüşine toplumlaýyn çemeleşmäniň beýany boldy. Ondaky 25 sany sergi pawilýonynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kuwwatlyklary görkezildi. Bu diwarlyklar foruma gatnaşyjylary ýurtlaryň alyp barýan döwlet syýasaty, ykdysady sepgitleri, maýa goýum mümkinçilikleri, dürli halklaryň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Ol ýurtlaryň arasynda köpugurly dialogy ilerletmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin şertleri döretdi. Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilen sergi gymmatlyklarydyr köpugurly maglumatlar Bitarap Watanymyzyň üstünlikleriniň beýanyna öwrüldi.
Awaza maslahatynyň çäklerinde geçirilen medeni çäreler onuň işewürlik gün tertibiniň üstüni ruhy mazmun bilen ýetirip, halklaryň we medeniýetleriň bitewüliginiň hem-de özara hormat goýmagyň aýdyň nyşany boldy. Dostlukly döwletleriň milli günleri, Hazaryň kenarynda guralan sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar, dostluk konserti, milli tagamlaryň festiwaly medeni diplomatiýanyň ilerledilmegine, foruma gatnaşan ýurtlaryň halklarynyň taryhy we baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga şert döretdi. Dostlukly ýurtlaryň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, deňiz çüwdürimleriniň interaktiw toplumynda sahnalaşdyrylan çykyşlar medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, özara düşünişmek, nurana geljege tarap bilelikde tagalla etmekde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, olaryň geçmişini we şu gününi özara baglanyşdyrdy.
Ruslan KAZAKOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.