exbqewajp0tojiztawjkab9lo7kv9h 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

25.09.2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär.

Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar.

Şeýle hem söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, dostlukly halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
b5vm5nz3itlavj72cuq9ddrpf1rqfy 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy

jsisomylreowqsvwz5n4fgyrfr6fwy 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

GitTop