Dark
Light
25.01.2026
bmg b THE ASHGABAT TIMES

BMG we ýaşlar

14.09.2025

Ýaş nesil geljege bolan ynamyň baky nyşanydyr. Dünýäde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde, ony goramakda hem-de wagyz-nesihat etmekde BMG ýaşlara çäksiz bil baglaýar. Olaryň oňyn pikir-hyýallaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

BMG tutuş Ýer şarynda özara düşünişmegi üpjün etmekde, şeýle hem parahatçylygy goramakda ýaşlaryň iň uly güýç-kuwwatdygyna ynam bildirýär. Hut şu nukdaýnazardan, 1965-nji ýylda guramanyň agzalygyna girýän ýurtlar tarapyndan ýaşlaryň parahatçylyk baradaky pikirlerini ösdürmek, olary kämilleşdirmek, durmuşa taýýarlamak maksady bilen ýörite Jarnama kabul edilýär. 1985-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy şol ýyly “Goşulyşmak, ösüş we parahatçylyk” atly şygaryň astynda Halkara ýaşlar ýyly diýip yglan edýär. Bu bolsa  ýaşlara gönükdirilýän ünsüň halkara derejesinde artmagyna, şeýle hem olaryň parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde alyp barýan işlerine, bilelikdäki hereketlerine goldaw-hemaýat berilmegine ýardam edýär.

1995-nji ýylda halkara Ýaşlar ýylynyň 10 ýyllygy bellenilip geçilýär. 2000-nji ýylda ýaşlary kämilleşdirmek, olara goldaw bermekligi meýilnamalaşdyrmak maksady bilen, Bütindünýä ýaşlar hereketi Maksatnamasy kabul edilýär. 2001-nji ýylda bolsa BMG-niň düzüminde Ýaşlar Maksatnamasy bölümi döredilýär we ol Bütindünýä ýaşlar hereketi Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, her ýylyň 12-nji awgustynda halkara Ýaşlar güni bellenilip geçilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen bu Maksatnama dünýä ýaşlarynyň sosial-ykdysady şertlerini gowulandyrmaklyga, parahatçylygy üpjün etmekde alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmaklaryny guramaklyga, olaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli bolmaklygyny gazanmaklyga hyzmat edýär. Şonuň üçin hem BMG-niň ýaşlar Maksatnamasy dünýäniň ähli ýaşlaryna ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardyr.

Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mähriban Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde özüniň ynsanperwer, hoşniýetli we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä arenasynda özüniň ygtybarly ornuny eýeledi.

Nurana ÝAGMYROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim mekdep g THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilimli ýaşlar – Watanyň daýanjy

garassyz bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – döwletliligiň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop