Dark
Light
26.12.2025
oba new THE ASHGABAT TIMES

Bu toprakda bereket bar, baýlyk bar

06.09.2025

Hormatly Prezidentimiz 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gallaçylaryň durmuşynda möhüm möwsümiň golaýlap gelýändigini belläp, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine başlamaga ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň babadaýhanlary bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň tohumlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam berýän giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar.

Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary, saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Suraý ŞYHYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym we bilim: ösüşiň we geljegiň binýady

ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ösüşlere beslenýär

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop