Dark
Light
27.12.2025
butan futbol THE ASHGABAT TIMES

Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar

09.09.2025

Ýurdumyzyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli oýunçylardan ybarat ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2026-nyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. «A» toparçada ýaryşýan ildeşlerimiz bu gezek Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.

Amman şäheriniň Halkara stadionynda geçirilen duşuşykda ýaşlar ýygyndymyzyň ilkinji goluny 12-nji minutda Söhbet Durdyýew geçirdi. Goşmaça wagtyň 3-nji minutynda Daýanç Meredow saýlama tapgyrdaky dördünji, şu duşuşykda bolsa ilkinji goluny geçirip, ýaşlar ýygyndymyzyň ýeňşini has berkitdi.

Yzda galan iki tapgyrdan soň ildeşlerimiz ýer eýeleri — Iordaniýanyň ýygyndysy bilen birlikde birinji we ikinji orunlary paýlaşýarlar. 9-njy sentýabrda geçiriljek aýgytlaýjy duşuşyk toparçanyň ýeňijisini kesgitlär.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

cuyse zawod THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

turkmenistanyn telekommunikasiyalar we informatika instituty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi Aziýa ýaşlar forumy “Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga ýol”

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop