Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşýarlar. Diýarymyzyň çar künjeginden jemgyýetçilik wekilleri bilen birlikde, ýaş hünärmenlerdir ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary munuň aýdyň beýanydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimizde geçirilen bu umumymilli forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy mejlisdäki çuň many-mazmunly çykyşlary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipeleri, ara alnyp maslahatlaşylan il-ýurt bähbitli meseleler halkymyzy mundan beýläk-de döredijilikli zähmete ruhlandyrdy.
Umumymilli forumda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ylym, bilim, sport, medeniýet, saglygy goraýyş babatda, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemek we olaryň kämil adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda geljekde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu wezipeler halkymyzy umumy maksatlaryň daşynda has-da jebisleşdirmekde, ýaş nesilleri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda, Watanymyzyň nurana geljegini gurmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegimize gönükdirilendir. Ýokary guramaçylykly geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde muňa ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Goý, mundan beýläk-de halkyň bähbidine, döwletimiziň ösüşine, il-günümiziň asuda, bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen özgertmeler rowaçlyklara beslensin!
Gandym WELLEKOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.