Dark
Light
27.12.2025
dunya turkmen 25 THE ASHGABAT TIMES

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi

15.09.2025

13-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.

Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar.

Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilşimiz ýaly, birleşik «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň hem bardygyny nygtamak gerek.

dunya tu 25 THE ASHGABAT TIMES

Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

amerikan erigi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Amerikan erigi barada bilýäňizmi?

yer ilaty THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýer ýüzünde ilat sanynyň ösüşi

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop