Dark
Light
24.01.2026
28082025 004 THE ASHGABAT TIMES

Energiýa Innowasiýasy: Türkmen Alymlaryndan Ekologiýa taýdan Arassa Tehnologiýa

26.09.2025

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak arkaly goýy suwuklykly dietilenglikoly gaýtadan dikeltmekde innowasiýalar» atly tehnologiýa üçin awtorlyk hukugy bellige alyndy we degişli güwänama berildi. Bu oýlap tapyş ýurdumyzyň ylmy-tehnologik ösüşiniň nobatdaky üstünlikleriniň biri hökmünde energetika pudagynda täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynyň energiýa önümçiligi we tygşytlamasy barlaghanasynda M.Hudaýberdiýew, R.Esedulaýew, D.Gadamow we A.Pirmedow tarapyndan işlenip taýýarlanan bu innowasiýa, nebitgaz kondensatly ýataklarda dietilenglikoly gaýtadan dikeltmek işini has-da netijeli we ekologiýa taýdan arassa görnüşde amala aşyrmaga gönükdirilendir.

28082025 005 THE ASHGABAT TIMES

Tebigy gazyň düzümindäki suw bugy belli şertlerde metanyň gidratlaryny döredip, turba geçirijileriň dykylmagyna we enjamlaryň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin giňden ulanylýan dietilenglikolyň ýokary derejede siňdiriji häsiýetini üpjün etmek zerur bolup durýar. Täze tehnologiýa energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanyp, goýy suwuklykly dietilenglikolyň ýuka gatlagyny döretmek arkaly bu meselä çözgüt hödürleýär.

Bu usul energiýa çykdajylaryny ep-esli azaldyp, ýylylygyň ýitmeginiň öňüni alýar we daşky gurşawa zyýanly täsirleri peseldýär. Kömürturşy gazy we beýleki zyýanly maddalaryň bölünip çykmazlygy bilen tapawutlanýan bu tehnologiýa, diňe bir tebigy gazyň guradylmagynda däl, eýsem, nebitiň akyjylygyny ýokarlandyrmakda hem-de turba geçirijilerde emele gelýän ýagly-parafin dykynlaryny aradan aýyrmakda hem netijeli ulanylyp bilner.

Netijede, bu innowasion çözgüt energetika pudagynda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Jumanazar BATMANOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

22032025 002 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetikada we sebitara hyzmatdaşlykda täze tapgyr

kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň halkara binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop