Dark
Light
27.12.2025
garashsyzlyk binasy ashgabat THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – döwletliligiň binýady

08.09.2025

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar.

Döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Şunuň esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň geljegini kesgitledi.

Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Syýasy asudalygy, halkyň jebisligini has-da berkitdi. Il-günüň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepiline öwrüldi. Türkmenistanda ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Her bir günümiziň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregimizi has-da joşduryp, ruhumyzy galkyndyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Oguljan ÝUSYPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sd905qj2pijoame00suvbpi6i32saz 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Finlýandiýanyň ÝHHG-daky Ýörite wekili arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

bass THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Terbiýeçilik işinde ýol hereketi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop