Dark
Light
25.01.2026
garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – ömürleriň aýdymy

12.09.2025

Garaşsyzlyk — türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Şol nurly daň 34 ýyldan bäri il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýär. Bu ýyllaryň içinde  türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlandy. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz bu şöhratly senäni uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk diýmek öz geçmişiňe, öz taryhyňa, öz milletlik derejäňe düşünmekdir we bulary hemmelere düşündirmegi başarmakdyr. Garaşsyzlyk diýmek öz ruhy-medeni, aň-bilim, parasat güýjüňi toplamakdyr we bu beýik güýji ýaşatmakdyr, ösdürmekdir, ony nesilleriň erkana durmuşynyň hatyrasyna öňe alyp gitmekdir. Şu jähetden, Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, durmuş-ykdysady ugurlaryň ulgamlaýyn ösüşinde aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip bu bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Garaşsyzlyk bize özbaşdak ösüş ýoluny — milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan türkmen nusgasyny saýlap almaga mümkinçilik berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar.  Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.

Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agranomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yol hereketi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Asudalyk – ýollarymyzyň ýaraşygy

morganes second mission THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA maşgala abadançylygy babatda kanunçylyk işlerini kämilleşdirmekde tehniki goldaw berýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop