halk mas 2025 THE ASHGABAT TIMES

Geňeşene giň dünýä

23.09.2025

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Umumymilli forumda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi, welaýatlarymyzda täze etraplaryňdyr olaryň häkimlikleriniň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy gurmak hakynda Karara gol çekmegi ýaly wajyp çözgütler buýsanjymyzy artdyrdy.

Toýly günlerimizde geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi iň täze taryhymyzyň möhüm wakalarynyň hataryndan orun aldy. Onuň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, şol sanda ýaşlaryň hem gatnaşmagy döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde bize uly ornuň degişlidigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli mejlisde eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine, gazanýan üstünliklerine men örän ýokary baha berýärin» diýip bellemegi bolsa has-da buýsandyrdy.

Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň bagtyýar geljegine, abadan ýaşaýşyna gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, öňde goýlan wezipeleriň kesgitlenilmegi her bir ildeşimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem ähli watandaşlarymyzy ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge borçlandyrýar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Sona DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
garassyzlyk surat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlygy pugtalandyrmakda türkmen ýaşlarynyň orny

halk mas 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geňeşmek -döwletlilikden

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop