halk mas 25 THE ASHGABAT TIMES

Geňeşmek -döwletlilikden

23.09.2025

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň aýdyň geljegini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýan tekliplere hem-de netijeli çözgütlere baý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň umumymilli forumda eden çuň manyly çykyşlary, il-ýurt bähbitli kabul edilen çözgütler ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. Maňa hem Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak miýesser etdi.

Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde we jebisligini pugtalandyrmakda bu döwletli maslahatyň ähmiýeti juda uludyr. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň umumymilli forumdaky çuň manyly çykyşlary göwünleri galkyndyrdy, örän ýakymly täsirleri döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris” diýen ajaýyp jümlelerinden ýurdumyza, il-günümize bolan tükeniksiz söýgini, röwşen geljegimize belent ynamy duýduk.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütler halkymyzy täze, belent maksatlara ruhlandyrýar. Olar ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütleriň biri-de ýurdumyzda täze etraplaryň döredilmegidir. Elbetde, munuň özi döwletli Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň has netijeli durmuşa geçirilmeginde, ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagynda örän ähmiýetlidir.

Halkymyz bu gün döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, gurýar, döredýär, ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýar. Munuň özi watandaşlarymyzyň hormatly Prezidentimize çäksiz hormat-sarpasynyň, özleri hakda edilýän bimöçber alada buýsanjynyň nyşanydyr. Biz ýaşlar bilen geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzda beýik döwrümiziň, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň gadyr-gymmatyny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy işleriniň ähmiýetini, galyberse-de, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri olara çuň many-mazmuny bilen düşündireris. Watanymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, raýatlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüregimden arzuw edýärin.

Kümüşgözel URAZOWA,
Aşgabat şäheriniň 96-njy orta mekdebiniň müdiri, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk mas 2025 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geňeşene giň dünýä

mg 7051 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim – bagtyýar ösüşleriň binýadydyr

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop