Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, döwletimiziň kuwwatlanmagyna ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 19-njy sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Onda döwletli geňeş esasynda taryhy çözgütler kabul edilýär.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle özgertmeleriň bilim ulgamynda hem barha giň gerim alýandygy uly ruhubelentlik döredýär. Berkarar Watanymyzda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň we okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy kämil bilimli, watansöýüji, giň düşünjeli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli kemala getirmäge, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegine şert döredýär.
Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ildeşlerimiziň, şol sanda bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Berkarar Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň talyby.