Dark
Light
28.12.2025
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty – döwletliligiň ýoly

20.09.2025

Türkmen halky «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda uly işleri bitirýär, durmuşda asylly göreldäniň nusgasyny görkezýän ýaşuly nesliň pikir-garaýyşlaryna aýratyn sarpa goýýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, aýdyň geljegi nazarlaýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýän köprüdir diýsek, has ýerlikli bolardy. Sebäbi döwletimiziň, il-halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşyna gönükdirilen möhüm meseleleriň ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesi esasynda çözülmegi ýaş nesillerimiz üçin örän ýagşy göreldedir. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çykyşynda Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim we sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn bellemegi biz — ýaşlary has-da buýsandyrdy.

Umumymilli forumyň ahyrlarynda Gahryman Arkadagymyz Watana bolan söýginiň mukaddesligini nygtamak bilen, taryhy söz sözledi: «Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir. Çünki Watany söýmek — bu Watanyň asudalygy, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmekdir, yhlas etmekdir. Şoňa görä-de, Watana, halka hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak her bir ynsan üçin mukaddes borçdur, belent mertebedir. Sebäbi kim Watanyny depesine täç eýlese, Watany hem ony başyna täç eýlär». Däp bolşy ýaly, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zähmetde tapawutlanan ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyň berilmegi hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Milli Liderimiziň dürdäne jümlelerini aňryýany bilen tassyklaýar. «Zähmet soňy — rehnet» diýlişi ýaly, ençeme ýyllaryň dowamynda çekilen zähmet Watan söýgüsi bilen birleşende, maksatlar myradyna gowuşýar, uly abraýa eýe bolunýar.

Asuda, parahat ýurtda ýaşamak, okamak, zähmet çekmek, gurmak we döretmek — uly bagt. Goý, halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri mundan buýana-da rowaçlyklara beslensin!

Malyka RUSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 104 toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halk Maslahaty – ýurduň beýik sütüni

halk mas 2025 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geňeşli ýerde kemlik ýok

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop