Dark
Light
25.01.2026
halk maslahat THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty — milli däpleriň gözbaşy

03.09.2025

Tarypy taryhyň şöhratly sahypalaryna ýazylýan döwrümiziň her bir güni halkymyza egsilmez şatlyk duýgusyny eçilýär. Şunda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly bolar.

Halk Maslahaty ýașulular bilen ýaș nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar, ony türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap șertlerde, täzeçe çemeleșmeler arkaly has-da ösdürýär. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biri bolan Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny beýan edip hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemlemek bilen, onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülipdir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle özgertmeleriň bilim ulgamynda hem barha giň gerim alýandygy uly ruhubelentlik döredýär. Berkarar Watanymyzda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň we okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy kämil bilimli, watansöýüji, giň düşünjeli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli kemala getirmäge, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegine șert döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýetli taryhy mejlisiň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler ýurdumyzyň kuwwatly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa ähli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşlerde aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän bu umumymilli forumyň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde dowam edýär.

Täzegul GURBANGELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

icc 9803 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: umumy maksatlaryň bähbidine

energetika taze bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energetika pudagy: ylym-bilim binýadyny pugtalandyryp

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop