halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES

Halk Maslahaty – ýurduň beýik sütüni

20.09.2025

Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Şoňa görä-de, 19-njy sentýabrda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezdi. Umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşlary, il-ýurt bähbitli kabul edilen çözgütler ildeşlerimizde bimöçber hoşallyk duýgusyny döretdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ― 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Şu jähetden, jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde taryhy ähmiýetli orna eýe bolan bu ählihalk forumynyň gün tertibine girizilýän wezipeler hem mähriban ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda amala aşyrylýan beýik işler, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşi, sebitlerde gazanylýan zähmet üstünlikleri bolsa Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlarda, çözgütlerde öz beýany tapýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze gurulýan obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp güwäsi bolup durýar.

Aýgül ORAZMUHAMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 105 toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
oifmpvbfjv THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

ÇÖREK BARADAKY YRYMLAR WE YNANÇLAR

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty – döwletliligiň ýoly

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop