Dark
Light
25.01.2026
halk maslahaty diwany THE ASHGABAT TIMES

Halk paýhasynyň nusgasy

13.09.2025

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň esasyny düzýär. Bu taglymat täze taryhy eýýamyň milli ideologiýasy bolmak bilen, agzybirligi, bitewüligi berkitmekde, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly we maksada okgunly hereket etmekde çelgi-ugur hökmünde hyzmat edýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uly bolmagynda galýar.

Milli däp-dessurlarymyza eýerýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýaşulular bilen ýaş nesliň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, bu umumymilli forumyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat işleri, dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şunda dürli duşuşyklar, maslahatlar geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlar edilip, paýtagtymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, ylym-bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat duşuşyklaryna aýratyn orun degişlidir.

Maral HOJAGULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yutong THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda täze awtobuslar: mümkinçilikler we artykmaçlyklar

bitarap 02 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop