Dark
Light
03.01.2026
halk mas 2025 1 THE ASHGABAT TIMES

Halk paýhasynyň nusgasy

26.09.2025

Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny egsilmez ruhy joşgun, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatynyň anyk beýany bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.

Mälim bolşy ýaly, 19-njy sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň isleg-arzuwlary esasynda Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabyny, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk hem-de Gubadag etraplaryny, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplaryny, Mary welaýatynda Oguz han etrabyny döretmek bilen baglylykda, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Ýeri gelende, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli çözgütleriň kabul edilmeginde Halk Maslahatynyň mejlisleriniň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek. Bu umumymilli forum halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň nobatdaky beýanydyr. Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmekde, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde bu döwletli geňeşiň ähmiýeti juda uludyr. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen ajaýyp jümlelerinden ýurdumyza, il-günümize bolan tükeniksiz söýgini, röwşen geljegimize belent ynamy duýduk.

Gözel paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi we onda halkymyzyň nurana ertirleriniň hatyrasyna möhüm çözgütleriň kabul edilmegi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlaryň düýp mazmunyny emele getirýär. Taryhy mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler bolsa il-günümiziň göwnüni we ykbalyny galkyndyrýar. Goý, halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Kasymmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halk 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Geňeşli il — döwletli il

alternative energy wind solar panels THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Geljegiň Güýji: Häzirki Zaman Jemgyýetinde Energiýanyň Orny

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop