Dark
Light
26.12.2025
international day of peace halkara parahatlyk guni 960x641 1 THE ASHGABAT TIMES

Halkara Parahatçylyk güni

23.09.2025

Her ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne dünýä jemgyýetçiligi Halkara Parahatçylyk gününi belleýär. 2001-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisinde Halkara Parahatçylyk gününi her ýylyň 21-nji sentýabrynda bellemek karar edildi. Bu sene agzybirligiň, ylalaşmagyň, özara hormat goýmagyň, döwletler hem halklar arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhümdigini ýatladýar.
Her ýylyň 21-nji sentýabrynda BMG tarapyndan dürli çäreler geçirilýär, agaç nahallary oturdylýar, sport çäreleri gurnalýar, okuw jaýlarynda surat bäsleşikleri geçirilýär. Bu halkara güniň esasy maksady halklaryň arasynda asudalyk, ynanyşmak ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr.
2007-nji ýyldan bäri Halkara Parahatçylyk güni her ýyl belli bir şygar astynda geçirilip, esasan hem, howpsuzlyk, parahatçylyk, durnukly ösüş, ýaşlar, bilim, adam hukuklary ýaly mowzuklara degişlidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýan ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde beýik başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Goý, bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak mundan beýläk hem dabaralansyn!

Aman DÖWLETOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

f2ea0cee39e0374a1146a24434d61d2b 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň özeni

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop