Dark
Light
24.01.2026
ocaxbtvndjcyauk1p0demutyyuxe10 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

30.09.2025

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Irlandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) hanym Kler Brosnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Irlandiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ähli ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Irlandiýanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygy aýdylyp, iki ýurduň Baş Assambleýanyň birnäçe Kararnamalarynyň bilelikdäki awtordaşlary hökmünde çykyş edendikleri bellenildi. Taraplar köptaraplaýyn meýdançalarda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem-de iki ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Irland tarapy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen-irland hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny tassyklady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mgkevftp09q6hwqcoc8wu2zvv6ymes 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop