Dark
Light
24.01.2026

Kiberhowpsuzlyk işi döwrebaplaşdyrylýar

02.09.2025

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara ülňülere laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Kiberhowpsuzlyk maglumat ulgamlaryny, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramak bilen bagly düşünjedir. Häzirki wagtda Sanly ulgam merkezinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barylýar.

Käte kiberhowpsuzlyga kompýuter howpsuzlygy hem diýilýär. Ol kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we tejribeleriň toplumydyr. Kiberhowpsuzlygyň seljermesi üçin esasy düşünje «kibergiňişlik» düşünjesi bolup durýar. Maglumat howpsuzlygy maglumatlaryň goraglylygyny, kiberhowpsuzlyk bolsa şol maglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygyny aňladýar. Şol sebäpli hem olar bir-biri bilen utgaşykly üpjün edilýär.

Maglumatlar asyrynda täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenistanlylar üçin aragatnaşygyň barha täze hyzmatlarynyň hödürlenilmegine aýratyn üns berlip, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň başynda duran Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir.

Merdan REJEPDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglyk derman THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Il saglygy – ýurt baýlygy

dil bil THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Daşary ýurt dillerini okatmagyň guramaçylyk-usulyýet çäreleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop