Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň köpasyrlyk sungatyny, milli medeniýetini hem-de şan-şöhratly taryhyny dogruçyl öwrenmeklige giňden badalga berilýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman ösen jemgyýeti-de döwlet gurluşynyň täze bir tapgyryny, has takygy, türkmeniň milli däp-dessurlaryna laýyk gelýän özboluşly bir ýörelge mekdebiniň esasyny gurýar.
Taryhda binagärçiligiň ösen sungat ýadygärlikleri we şäher gurluşygynyň özboluşly arhitektura medeniýetiniň ýaýbaňlanan türkmen şäherleri örän köp bolupdyr. Olar Altyndepe, Merw, Köneürgenç, Nusaý, Amul, Dehistan şäherleri we beýlekilerdir. Köneürgenjiň binagärlik sungaty bu gün dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Üstünden gatbar-gatbar ýyllary geçirendigine seretmezden, Köneürgenjiň saklanyp galan binagärçilik sungaty köküni müňýyllyklaryň sepgidinden alyp gaýdýar. Ýadygärlikleriň reňkli diwar bezegleri we olaryň aňladýan manylary arheologlar we taryhçylar tarapyndan häzire çenli öwrenilýär.
Umman ýaly ýaýylyp ýatan türkmen ýurdunda dörän şäher sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäheri çawuny dünýä ýaýýar. Gadymy türkmen şäherleriniň milliligini özünde jemleýän bu şäher taryh bilen şu günüň arasyndaky baglanyşýan müdimilik zynjyr bolup, halkymyzyň asuda we parahat ýaşaýşynyň maksadalaýyk bolmagyna gönükdirilendir. Durnukly ösüşiň bähbitlerine we raýatlaryň döwrebap, medeniýetli ýaşamaklaryna gönükdirilen ykdysady-syýasy ösüşiň esasy görkezijisi bolan Arkadag şäheri demografik ýagdaýyň ýokarlanýandygynyň we ekoulgamyň dikeldilýändiginiň görkezijisidir.
Milli ykdysadyýetiň täze öwüşginlerinde ýaşyl tehnologiýalara esaslanyp gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemlemegi tebigatdan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawy gorap saklamak syýasatyna doly kybap gelýär. Ynsan durmuşynyň gymmatlydygy tekrarlaýan akylly we amatly Arkadag şäheri tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygy guramagyň kämil nusgasy bolup durýar. Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işlerini geçirmäge möhüm ähmiýet berip, bu ugurda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.