Dark
Light
25.01.2026
halk maslahaty THE ASHGABAT TIMES

Maslahatly il myrada ýeter

15.09.2025

Parasatly pederlerimiz: «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döredip, her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde ählihalk forumyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek, öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr. Onuň esasyny halkymyzyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesi, şeýle hem häzirki zaman demokratik-hukuk gymmatlyklary düzýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga ýaş nesliň wekilleri hem uly isleg bildirip, häzirki wagtda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýaş nesilleriň ähli babatda kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Merjen ALMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň Başlangyç bilim mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emblema 2025 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Baky berkararlygyň binýady

garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Garaşsyzlyk – beýik ösüşlerimiziň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop