Dark
Light
27.12.2025
s1 THE ASHGABAT TIMES

Medeniýetli nesilleri kemala getirmegiň ýolunda

10.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärler hünär we tejribe babatda barha kämilleşýärler. Olaryň yhlasy we döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň körpe nesilleri mynasyp terbiýe alýarlar we mekdebe taýýarlanýarlar. Biziň Türkmengala etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçisi Maýagözel Nurlyýewa hem körpe nesilleriň milli terbiýesini, sowatlylygyny üpjün etmekde halypa hökmünde tanalýar.

Terbiýeçi zenan geçen okuw ýyllarynda öz terbiýeleýän çagalary bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde etrap, welaýat derejesinde baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Öz hünärini ussatlyk we kämillik ýoly bilen baýlaşdyrýan terbiýeçi täze okuw ýylyna hem üstünlikli girişdi. Bu okuw ýylynda Maýagözel Nurlyýewa ýaş terbiýeçilere ― Maýa Halbaýewa hem-de Ýazgül Soltanowa halypaçylyk eder.

Ýeri gelende bellesek, her ýylyň  sentýabr aýynda ýurdumyz boýunça yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem bu terbiýeçiniň zähmet çekýän toparynda okuw-terbiýeçilik işleri meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Çagalar ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde sapaklarda we gün pursatlarynda köpugurly görkezme esbaplardan we sanlylaşdyrylan serişdelerden peýdalanylyp, bu babatda düşünjeler hil taýdan ýokary we mazmunly berilýär. Şunda terbiýeçi gyzyklanma çärelerini geçirýär, sahnalaşdyrylan oýunlaryň, çeper okaýyşlaryň üsti bilen öwrenilenleriň özleşdirilmegini gazanýar. Ol ata-eneler bilen söhbetdeşliklerde Diýarymyzyň ak ýollarynyň asudalygyny üpjün etmek, pyýadalaryň hereketini wagyz etmek işlerini hem işjeň alyp barýar. Şeýle-de halypa terbiýeçi öz toparynyň çagalary bilen alyp barýan işlerini has-da güýçlendirip her ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda geçirilýän «Ýaşyl yşyk» atly ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşige taýýarlykly barýar.

Ajaýyp zamanamyzda bagtyýar nesilleri belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde, yhlasly zähmet çekmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim-terbiýeçilik işgärleri hem-de ähli körpeler egsilmez alkyşlar aýdýarlar.

Oguljeren MUHUKOWA,
Türkmengala etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

10 09 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

sport woley THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen sporty şöhratlanýar

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop