Dark
Light
24.01.2026
turkmenistanyn telekommunikasiyalar we informatika instituty THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa ýaşlar forumy “Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga ýol”

09.09.2025

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada narkotik serişdeleriň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen 7-nji tapgyry (CADAP 7) we Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilelikde 2025-nji ýylyň 10–11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika Institutynda “Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga ýol” atly Merkezi Aziýa ýaşlary forumyny geçirer.

Bu forumyň aýratyn ähmiýeti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygynyň dabaralanýan ýylyna we Parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilen döwre gabat gelmegine eýe bolmagynda: ol sebitde dialogy, hyzmatdaşlygy we durnuklylygy ösdürmäge Türkmenistanyň goşantyny nygtaýar.

Forum saglyk, bilim, sanly durnuklylyk we ekologiýa meselesinde pikir alyşmak üçin: • Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň döwlet edaralarynyň wekillerini, ýaş liderleri hem-de ugurdaş ekspertleri bir ýere toplayar.

Forumyň çäklerinde şu bölümçiligi meseleler ara alnyp maslahatlaşylar:
• Garşydurmalaryň öňüni alyş we psihiki saglyk – parahatçylygyň binýady
• Ekologik medeniýet we sagdyn ekosistemalar
• Bilim, innowasiýa we ýaşlaryň abadançylygy
• Sanly platformalar, emeli aň we ýaşlaryň startaplary parahatçylyk üçin

Işe netije hökmünde, gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ahyrky Resminama we Ýol Kartasyny kabul ederler.

Resmi programma bilen birlikde Türkmen haly milli muzeýine sapar ýaly medeni çäreler hem meýilleşdirilen.

Merkezi Aziýa ýaşlary forumy 2025 CADAP-nyň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen sagdyn, durnukly we parahat gelejek gurmak ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge bolan ygrarlylygyny tassyklaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

butan futbol THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Butanyň ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar

10 09 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop