Dark
Light
24.01.2026
4xohhidd5e91r7lm 1 THE ASHGABAT TIMES

Milli Jebisligiň Binýady: Halk Maslahaty täze taryhy sahypalary açýar

15.09.2025

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen döwlet dolandyryş tejribesi häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň döredilmegi adalatly jemgyýeti gurmakda we döwlet dolandyryşynyň halkara derejesindäki nusgalyk ýörelgelerini ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu gurama ýaşulularyň danalygyny ýaşlara ýol görkeziji hökmünde ulanmak bilen, nesilleriň arasyndaky baglanyşygy berkidýär we milli jebisligi pugtalandyrýar.

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 20-ne geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sentýabr aýynyň 19-na meýilleşdirilen nobatdaky Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek bilen bagly çäreler hem göz öňünde tutuldy.

Mejlisiň dowamynda Halk Maslahatynyň döwrebap durmuş-ykdysady ösüşe we netijeli dolandyryşa gönükdirilen täze mehanizmleri kemala getirmekdäki roly aýratyn nygtaldy. Bu çäreler halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütleriň kabul edilmegine mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bu tagallalaryň ruhy binýady bolup çykyş edýär.

Halk Maslahaty ata-babalaryň däp-dessurlaryny miras alyp, döwletiň durnuklylygynyň we kuwwatynyň binýady hökmünde çykyş edýär. Ýaşuly nesliň zähmetine we hyzmatlaryna sarpa goýmak ýörelgesi jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bu ýörelgeler Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugruny kesgitleýär we milli jebisligiň ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny görkezýär.

Habib HALMAMEDOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

birja THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 409 müň dollaryndan gowrak boldy

yaslar kitaply THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop