Dark
Light
26.12.2025
ykdysady 2024 THE ASHGABAT TIMES

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ösüşlere beslenýär

06.09.2025

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň özbaşdaklyk, erkinlik, asudalyk baradaky köpasyrlyk arzuwlarynyň wysaly bolup, döwlet berkararlylygynyň hem-de çyn döwletliligiň nyşanydyr. Şu jähetden, ýene sanlyja günlerden 34 ýyllygy uludan toýlanyljak Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, oňyn görkezijilere, has takygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sekiz aýynda ýetilen belent sepgitlere nazar aýlamagy makul bildik. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar». Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp 29-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýene bir ýola göz ýetirdik. Mejlisiň barşynda berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we okgunly ösýändigini görkezdi. Nygtalyşy ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýokary makroykdysady görkezijiniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlaryny özünde jemleýär. Şu nukdaýnazardan, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatlar bilelikdäki tagallalary, arkalaşykly hereketleri talap edýär. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary boýunça ýetilen belent sepgitler Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny barha belende göterýär. Ähli ösüşlerimiz, elbetde, türkmen döwletliliginiň synmaz sütüni bolan beýik Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Diýmek, Garaşsyzlyk döwletliligiň kämil nusgasydyr, agzybirligiň berk binýadydyr.

Gülhatyja ÝEGENMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bu toprakda bereket bar, baýlyk bar

halal expo 800x500 pxl banner 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» halkara sergisine gatnaşar

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop