Dark
Light
25.01.2026
garassyz asgabat THE ASHGABAT TIMES

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleri

19.09.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyza 34 ýyl dolýar. Bu taryh üçin gysga döwür. Şeýle-de bolsa, geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzyň ýeten derejesi, Watanymyzda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler, bolup geçen ösüş-özgertmeler asyrlara barabardyr.

Baş baýramymyza uly ruhubelentlikde barýan günlerimizde Garaşsyzlygyň gazananlaryna nazar aýlanymyzda göwün guşumyz ganatlanýar, akylymyz haýrana galýar. Watanymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi, täze, döwrebap şäherdir şäherçeler, obalar bina edildi, iri we kuwwatly önümçilik toplumlary guruldy. Watandaşlarymyz bu zatlaryň hözirini görüp, bagtyýarlykda, bolelinlikde ýaşaýar, zähmet çekýär, gurýar.

Eziz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere, belent sepgitlere beslenip, dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki bu döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy, ykdysady, oba hojalyk, ylym-bilim, sport we medeni taýdan ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna, netijede bolsa, Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly we hemmetaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrülmegine getirdi. Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amal edilmegi bilen dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan döwrebap etraplar, şäherler we obalar döredi. Paýtagt şäherimiz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gurlan sebitde deňsiz-taýsyz «akylly» şäher—Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bu günki ýeten belent derejesi biz — ýaşlaryň kalbyny joşa, ýüregini heýjana getirýär hem-de täze üstünlikere ruhlandyrýar. Ulus-ilimizi röwşen geljege alyp barýan, Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Laçyngözel ABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fabrika formatov1758177567016 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýeňişli ýollarda ýol hereketini wagyz edýäris

maya goyum forum 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop