Dark
Light
24.01.2026
garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES

Nurana geljegimiziň şamçyragy

23.09.2025

Her bir halkyň ykbalynda taryhy wakalar bolýar. Olar haýsy wagtda bolsa-da, ýüreklere egsilmez şatlyk, bagtyýarlyk bagyşlaýar. Paýhasly pederlerimiziň gursagynda umyt bolup körän, şuglaly ýyldyz bolup, ak ýollara alyp gaýdan Garaşsyzlyk halkymyza ösüşleriň altyn sahypasyny açdy. Garaşsyzlygymyzyň beren bagty alnyp barlan belent maksatly işlerde, taryhy senelerde, ýurdumyzyň ösüşlerinde aýdyň beýanyny tapýar.

Garaşsyzlyk bagtyýarlygymyzyň, erkinligimiziň güwäsi bolup, ol merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini şöhlelendirýän gymmatlykdyr. Ata Watanymyzyň goşa ganatyna deňelýän Garaşsyzlygymyz hem-de bütin dünýäde belent ykrara eýe bolan hemişelik Bitaraplygymyz her bir ösüşlerimiziň, döwletli işlerimiziň gözbaşydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri­biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr» diýip belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini pugtalandyrmak maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen obadyr şäherçeleriň, medeni-durmuş, önümçilik maksatly birnäçe binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Umuman, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren datly miwesidir. Çünki asudalygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň bar ýerinde ösüş-özgerişler ýokary bolýar. Goý, bereketli desserhanlarymyzyň datly nygmatlary egsilmesin, halkymyz hemişe bagtyýar durmuşda ýaşasyn! Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 34 ýyllygy ähli ildeşlerimize şatlyk, söýgi hem-de bagt paýlasyn!

Gözel WELIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Takyk bilimleri fakultetiniň zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1747159593795 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanly tansçylar üçin döredijilik rezidensiýasy Almatada geçiriler

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop