Dark
Light
25.01.2026
gazna emblem THE ASHGABAT TIMES

Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi

06.09.2025

Düýn, 5-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri arkaly dowam etdirilýär. Owganystanda bolan ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem ýurdumyzda şeýle asylly ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär edýär.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi. Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

halal expo 800x500 pxl banner 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» halkara sergisine gatnaşar

yanlan 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop