Dark
Light
27.12.2025
6df786eae5f668fe9739b5260ea2dc0e THE ASHGABAT TIMES

Özbegistan 12 ýyllyk mekdep bilim ulgamyna geçmäge taýýarlyk görýär

10.09.2025

Özbegistan mekdep bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň çäginde 12 ýyllyk okuw ulgamyna geçmäge taýýarlyk başlady. Bu barada ýurduň mekdebe çenli we mekdep bilim ministriniň orunbasary Sardor Radjabow “Özbegistan 24” teleýaýlymyna beren interwýusynda habar berdi.

Täze reforma 6 ýaşly çagalar üçin taýýarlyk ýylynyň mekdep gurluşyna goşulmagyny göz öňünde tutýar. Bu özgertmäniň esasy maksady – ýurduň bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmekdir.

S.Radjabowyň bellemegine görä, täze ulgam Özbegistanly uçurymlara daşary ýurt uniwersitetlerine gönüden-göni okuwa girmegi üpjün eder. Häzirki wagtda her ýyl takmynan 15 müň uçurym daşary ýurtlarda goşmaça taýýarlyk okuwlaryny geçmäge mejbur bolýar.

2022-nji ýylda geçirilen PISA halkara barlagynyň netijelerine görä, iň ýokary görkezijilere eýe bolan ýurtlaryň 85%-de mekdep biliminiň dowamlylygy 12 ýyl bolup durýar.

Täze bilim gurluşy bir ýyl taýýarlyk tapgyryny, dört ýyl başlangyç bilim tapgyryny, bäş ýyl umumy orta bilim tapgyryny we iki ýyl ýokary orta bilim tapgyryny öz içine alar. Bu reformany durmuşa geçirmek üçin “Bilim hakynda” we “Mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik hakynda” kanunlara degişli üýtgetmeler giriziler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

73ebfa66b23c533199a21aa2784eab0f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Apple täze iPhone üçin Crossbody Strap aksessuaryny hödürledi

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyzda “Ak bugdaý” milli muzeýiniň döredilmeginiň 20 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellendi

Soňkylar Dünýä habarlary

Benzema surat üçin 10 million ýewro töledi

25.12.2025
Karim Benzema Pablo Pikassonyň «Sakgally adamyň portreti» atly suratyny 10 million ýewro satyn aldy. «Al Ittihad» toparynyň hüjümçisi 1964-nji ýyldaky polotnonyň (matanyň esasynda çekilen

Bişkekde IV Halk Gurultaýy öz işine başlady

25.12.2025
Şu gün Biškek şäherinde IV Halk Gurultaýy öz işine başlady. Çärä Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de ýurduň ähli sebitlerinden gelen 700 wekili gatnaşýar. Gurultaýyň
GitTop