Häzirki wagtda ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň sahawatly türkmen topragynda ýetişdiren pagtanyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak ugrunda soňky taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz pagta ýygymy möwsüminiň golaýlamagy bilen sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine pagta ýygymy möwsüminiň örän jogapkärli döwürdigini belläp, yhlas bilen ýetişdirilen «ak altyny» öz wagtynda ýitgisiz ýygnap almak üçin ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidenimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde pagta kabul ediş nokatlaryny, harmanhanalary, kombaýnlary we pagta daşamak üçin ulanylýan awtoulaglary möwsüme doly taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyk geçirmek, pagta ýygymy möwsüminde işgärleri howpsuz zähmet şertleri bilen üpjün etmek, şeýle-de meýdan düşelgelerinde medeni dynç alyşlary guramak, öňdebaryjy zähmetkeşleri höweslendirmek ýaly çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda oba hojalyk işlerini alyp barýan daýhanlara, kärendeçilere, telekeçilere döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar, ekin meýdanlarynda ýokary derejede agrotehniki çäreleri geçirmek we ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýitgisiz ýygnap almak üçin dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Oba hojalygyny ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmek üçin ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary döredildi. Ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri, hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän sortlary döredilip, olary önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça işler hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Her düýp gowaçanyň iň aşaky şahalarynda 5-6-dan açylyp duran ak hanalar bu ýyl hem daýhan zähmetiniň ýerine düşendiginden habar berýär. «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýip, bütin tomus paslyny gowaçaly pellerde geçiren daýhan bu gün Güne gaýzygan ýüzüniň derini gabarçakly elleri bilen sylýar-da, öz ýetişdiren hasylyny synlaýar.
Begenç TOÝLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby.