Salgyt ulgamy döwletleriň ykdysadyýetiniň esasy diregleriniň biridir. Döwlet býujetiniň doldurylmagy, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmegi, ykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda salgytlaryň dogry ýygnalmagyna we olaryň netijeli dolandyrylmagyna baglydyr. Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, galplyklaryň öňüni almak, salgyt töleýjilere amatly şert döretmek maksady bilen emeli aň tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Emeli aň salgyt ulgamynyň ähli ugurlaryna çuňňur aralaşyp, maglumatlary seljermek, çaklama etmek, töwekgelçilikleri anyklamak we jemgyýet bilen aragatnaşygy kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetli bolýar.
Ilki bilen salgyt ulgamynda emeli aňyň maglumatlary seljermekde tutýan ornuna seretmek zerurdyr. Salgyt edaralarynda sekuntlaryň dowamynda müňlerçe maglumat emele gelýär. Her bir raýatyň, her bir kärhananyň maliýe hasabatlary, girdeji- çykdajy maglumatlary, söwda we bank tranzaksiýalary ýörite maglumat bazalarynda saklanýar. Bu maglumatlaryň örän uly bolmagy olaryň adaty usullar bilen seljerilmegini kynlaşdyrýar. Emeli aň tehnologiýalary bolsa şeýle maglumatlary tiz wagtda seljerip, degişli netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, bir kärhananyň maliýe hasabatyndaky ownuk tapawutlary, girdejiniň we çykdajynyň arasyndaky nädogrylyklar emeli aň ulgamy tarapyndan tiz anyklanyp bilýär. Netijede salgyt edaralary galplyklaryň öňüni almakda has netijeli iş alyp barýarlar.
Emeli aň salgyt töleýjileriň hereketlerini öwrenmekde hem giňden peýdalanylýar. Müşderileriň öňki salgyt tölegleri, olaryň girdejileriniň üýtgeýşi, bank hasaplaryndaky hereketleri ýaly maglumatlaryň esasynda emeli aň olaryň geljekde tölejek salgytlaryny çaklap bilýär. Şeýle çaklamalar döwlet býujetiniň geljekki mümkinçiliklerini öňünden kesgitlemäge we ykdysady syýasaty dogry ugrukdyrmaga ýardam berýär. Mundan başga-da, salgyt edaralary töwekgelçilikli toparlary öňünden kesgitläp, barlaglary has dogry ugurlara gönükdirýärler. Bu bolsa wagtyň we serişdeleriň tygşytlanmagyna, korrupsiýa ýagdaýlarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Ýene bir möhüm ugur – salgyt töleýjilere hyzmat etmekdir. Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda emeli aň esasynda işlenip taýýarlanylan akylly chatbotlar giňden ulanylýar. Raýatlar özleriniň salgyt borçlary, salgyt möçberleri, hasaplaşyk tertibi barada sowallaryny wagt sarp etmezden emeli aň ulgamyna ýetirýärler we dessine jogap alýarlar. Bu hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy adamlaryň wagtlaryny tygşytlaýar, döwlet edaralaryna ýüz tutýanlaryň sanyny azaldýar we jemgyýet bilen aragatnaşygy has çalt we açyk edýär. Şeýle-de emeli aň arkaly degişli dokumentleriň elektron görnüşde doldurylmagy, maglumatlaryň awtomatiki barlanyp, nädogrylyklaryň ýüze çykarylmagy giňden ornaşdyrylýar.
Salgyt ulgamynda emeli aňyň möhüm ähmiýetleriniň biri hem galplyklaryň öňüni almakdyr. Köp halatlarda raýatlar ýa-da kärhanalar salgyt tölemekden gaça durmak üçin dürli ýollara baş goşýarlar. Şeýle ýagdaýlary adaty usullar bilen ýüze çykarmak kyn bolsa, emeli aň ulgamlary olaryň maliýe maglumatlaryny deňeşdirip, nädogrylyklar barada duýduryş berýär. Mysal üçin, kärhana ýokary girdejini görkezmän, çykdajylary artdyryp görkezende ýa-da dürli hasaplara bölüp salgyt tölemekden gaça duranda emeli aň muny tiz wagtda ýüze çykaryp bilýär. Şeýlelikde döwlet býujetiniň ýitgisiniň öňüni almak mümkin bolýar.
Emeli aňyň salgyt ulgamyndaky ähmiýetiniň başga bir tarapy jemgyýetiň salgyt medeniýetini ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Ýörite emeli aň arkaly taýýarlanylýan sanly ulgamlar raýatlara salgyt tölemegiň möhümdigini düşündirýär, olaryň maliýe sowatlylygyny artdyrýar. Şeýle çäreleriň netijesinde raýatlar salgytlary diňe borç hökmünde däl, eýsem jemgyýetiň ösüşi üçin zerur bolan ykdysady mehanizm hökmünde kabul edýärler.
Geljekde salgyt ulgamynda emeli aňyň mümkinçilikleri has-da giňeljekdigine şübhe ýok. Ýurduň ähli ykdysady maglumatlary bir bitewi sanly ulgamda jemlenip, emeli aň tarapyndan seljerilse, ykdysadyýetiň ähli ýagdaýlary baradaky maglumatlar öňünden kesgitlenip bilner. Şeýlelikde döwletleriň ykdysady syýasaty has dogry ugrukdyrylar, býujet serişdeleri has netijeli peýdalanylar, jemgyýet bilen döwlet arasyndaky ynam has-da güýçlenýär.
Şeýlelikde, salgyt ulgamynda emeli aňyň orny häzirki döwürde örän möhüm bolup, onuň peýdalanylmagy netijeliligi ýokarlandyrýar, maglumatlaryň takyk seljerilmegini üpjün edýär, töwekgelçilikleriň öňüni alýar we jemgyýete hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar. Emeli aň diňe bir tehnologiýa däl, eýsem döwletiň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny üpjün edýän möhüm serişde bolup çykyş edýär.
Aly ANNAGYLYJOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby