sport umumy THE ASHGABAT TIMES

Sportuň etikasy we estetikasy

24.09.2025

Sport diňe bir beden maşklaryny ýerine ýetirmek däl, eýsem, jemgyýetiň ruhy we ahlak binýadyny berkitýän güýçdür. Sportuň etikasy we estetikasy jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, ýaşlaryň terbiýesinde we döwletiň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde hem bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar, sportuň diňe bedenterbiýe däl-de, jemgyýetiň medeniýetiň möhüm bölegi hökmünde ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Etika – sportda adalatlylyk, hormat, ýeňilmek we ýeňişi dogry kabul etmek, garşydaşa we tomaşaçylara hormat goýmak ýaly ýörelgeleri öz içine alýar. Türkmenistanda sportuň etikasy döwlet derejesinde goldanylyp, okuw mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda sport çäreleri arkaly ýaşlarda dostluk, zähmetsöýerlik we özara hormat duýgulary ösdürilýär. Sportuň etikasy, şeýle hem ýaşlary zyýanly endiklerden daşlaşdyrmakda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen dürli sport desgalary gurlup, ýaşlaryň sport mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Estetika – sportuň gözelligi, hereketleriň sazlaşygy, sportuň tomaşaçylyk tarapy bilen bagly düşünjedir. Sportuň estetiki gymmaty diňe rekordlar bilen däl-de, onuň adamlarda döredýän ruhy täsirleri bilen hem ölçenilýär. Türkmenistanda sportuň estetikasy milli däp-dessurlar bilen berk baglanyşykly bolup, ahalteke bedewleriniň gözelligi we çapyşyk döwründäki sazlaşykly hereketleri diňe sport däl, eýsem, sungat derejesinde estetik täsir döredýär. Milli göreşiň görnüşleri hem tomaşaçylara güýç, batyrlyk we sazlaşykly hereketleriň gözelligini görkezýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap stadionlar, sport toplumlary diňe sportuň ösüşine däl, eýsem, şäherleriň estetik keşbine hem täsir edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimizde halkara sport hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi dünýä derejesindäki sport merkezleriniň biri hökmünde tanalýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri bolsa diňe sport üstünlikleri däl, eýsem, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýan medeni-diplomatik wakalardyr.

Umuman, sportuň etikasy we estetikasy jemgyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Olar diňe bedeniň sagdynlygyny däl, eýsem, ruhy we ahlak taýdan ösüşi üpjün edýär. Türkmenistanyň sport syýasaty ýaşlaryň giňden sport bilen meşgullanmagy, ahlak taýdan kämilleşmegi we dünýä derejesinde abraýynyň artmagy üçin ähli şertleri döredýär. Netijede, sport diňe bir bäsleşik däl, eýsem, jemgyýetde gözellik, adalatlylyk we agzybirlik ýörelgelerini ösdürýän güýçdür.

Allak ALLAKOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sponsor content mpoc 2025 af1 008 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Siz eşitmedik bolmagyňyz mümkin bolan mikroelement: molibden

mikrokomp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mikrokompýuterler rewolýusiýasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop