Dark
Light
26.12.2025
THE ASHGABAT TIMES

Tebigat bilen ynsan – aýrylmaz baglanyşyklydyr

05.09.2025

Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygynda ýetilen belent sepgitleri aňladýar. Munuň özi suw, ulag, energetika diplomatiýasy babatynda gazanylanlaryň netijesini mälim etmek bilen birlikde milli medeniýetimiziň asylly däplerine bolan garaýşa hem täze mazmun berýär. Häzirki döwürde dünýä ýurtlary bilen amala aşyrylýan gatnaşyklarda ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar. Bu biziň halkymyzyň asyrlarboýy dowam edýän ýörelgelerinde esasy orny eýeleýär. Halkara ulag gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy ýurduň ulag infrastrukturasy, syýasy-hukuk şertler bilen birlikde ekologik bilimlere eýerilmeginiň möhümdigini öňe çykarýar. Ekologiýa hakyndaky bilimler tebigatda deňagramlylygyň doly saklanan ýagdaýynda üns berilmeli ugurdyr.
Mähriban Watanymyzyň ykdysadyýetinde häzirki döwürde döwrebap senagat gurluş düzümleriniň önümçiligi has hem ýokarlanýar. Şol ýagdaý hem eksportyň möçberiniň barha artmagynda ýüze çykyp ulag-aragatnaşyk düzümleriniň ösüşi arkaly ýokary derejelere eýe bolýar. Howanyň, suwuň arassalygyny goramak möhüm wezipedir. Bu ugurda jemgyýetiň ekologik bilimliliginiň kemala getirilmegi zerurdyr. Halkymyzda ekologik bilimlilik milli medeniýetiň gözbaşyndaky ýörelge bolup, milli terbiýeçilik kadalarynda ýaşaýar. Şol aýratynlyk hem häzirki döwürde döwrebap kadalaryň durmuşa geçirilmeginde binýatlyk esasdyr. Ekologiýa medeniýeti düşünjesi ýaşaýşyň howpsuzlygy bilen manydaşlykda ulanylyp, adamyň tebigy-durmuş gurşawy bilen özara gatnaşygyny mälim edip, gymmatlylyk nukdaýnazaryndan ýüze çykýar. Tebigatyň hem-de jemgyýetiň ylmy taýdan esaslandyrylan özgerişlerini durmuşa geçirmek arkaly adamyň tebigata gatnaşygyny aňladýan her bir amala aşyrylýan oýlanyşykly iş ekologik howpsuzlygyny üpjün edýär.

Laçyn HANSÄHEDOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

xh60zdeqzehlmjoaxxaht1kmvovhoo 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Hytaý dostlugyň we özara ynanyşmagyň taryhy däplerine ygrarlylygyny tassyklaýarlar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym we bilim: ösüşiň we geljegiň binýady

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop