Dark
Light
27.12.2025
bass THE ASHGABAT TIMES

Terbiýeçilik işinde ýol hereketi

08.09.2025

Her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» ady bilen biraýlyk geçirilýär. Bu döwürde ýol hereketiniň düzgünlerine we kadalaryna, ýollarymyzyň asudalygyna bagyşlanan çäreler, wagyz-nesihat, okuw-terbiýeçilik işleri has-da işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

fabrika formatov1757239171116 THE ASHGABAT TIMES

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpe nesillere ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek, ündemek we terbiýelemek babatda pedagogik usullara laýyklykda okuw-terbiýeçilik işleri alnyp barylýar. Bu babatda öňdebaryjy iş tejribelerine esaslanyp, şeýle hem gün pursatlarynda we sapaklarda ýol hereketi bilen bagly düşünjeleri bermek, ýol kadalaryna syn etmek, gyzyklanma çäreleri guramak, oýun usullaryndan peýdalanmak biziň çagalar bakja-bagymyzda hem üns merkezinde saklanýar. Çagalara bu babatda düşünjeleri bermek maksady bilen dürli görnüşli esbaplardan, oýun burçlaryndan we sanly görkezme serişdelerden peýdalanyp, terbiýeçilik ugurly çärelerimiziň mazmunlylygyny gazanmaga çalyşýarys.

fabrika formatov1757239171109 THE ASHGABAT TIMES

Çagalar bakja-bagymyzyň müdiri Aýnagözel Jumaýewanyň ýolbaşçylygynda degişli iş meýilnamasy esasynda hem degişli bäsleşiklere taýýarlyk görüp, körpelerimiziň bilim-başarnyklaryny ýüze çykarýarys. Ýeri gelende bellesek, biziň II uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparymyzda Bibihatyja Çaryýarowa, Humaý Amandurdyýewa, Hanaly Kakamyradow, Gunça Çaryýewa, Allanur Atamyradow ýaly körpeler geçirilýän säherliklerde, bäsleşiklerde has netijeli çykyş edip, kiçilikden öz başarjaňlygyny, zehinlerini görkezýärler. Häzirki wagtda bolsa biz öz toparymyzda alyp barýan işlerimiz, sahnalaşdyrylan çykyşlarymyz bilen çagalar bakja-baglarynyň arasynda geçirilýän «Ýaşyl yşyk» atly ýol hereketiniň düzgünleri boýunça geçirilýän bäsleşige taýýarlanýarys.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň abadançylygyny, ýollarymyzyň asudalygyny has-da rowaçlandyrýan, nesilleriň röwşen geljegi ugrunda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!

Maýagözel NURLYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

garashsyzlyk binasy ashgabat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – döwletliligiň binýady

yaslar taze 11 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watanymyzyň kuwwatly güýji

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop