ojfveyxa8hrvtblm81kecd3jqkjzfz 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň taryhy binýady

04.09.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy esasynda Hytaýa amala aşyran iş sapary hem-de ŞHG+ Sammitine gatnaşmagy diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň çägindäki möhüm waka bolman, eýsem, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhy esaslarynyň berkdigini hem tassyklaýar. Bu sapar, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň diňe häzirki döwürde däl, eýsem, geçmişden gözbaş alýan ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýandygyny görkezýär.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýar. Bu gatnaşyklaryň binýadynda bolsa özara hormat, ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly ýörelgeler durýar. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň iň aýdyň mysallarynyň biridir. Iki ýurt bu ugurda açyklyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda gaz hyzmatdaşlygy boýunça Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylmagy hem bu gatnaşyklaryň täze tapgyra gadam basýandygyny görkezýär.

Bu ylalaşygyň başlangyç böleginde türkmen we hytaý halklarynyň arasynda baglaşylan taryhy «Kasamly şertnama» hakynda göni salgylanma bar. Eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda baglaşylan bu resminama iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýändigini we onuň mukaddes esaslara daýanýandygyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylary bu taryhy mirasa daýanyp, hyzmatdaşlygyň mazmunyny täze many bilen baýlaşdyrýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alýan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki wagtda hem täze derejelere çykarylýar. Iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi ýylsaýyn täze ugurlar bilen giňelýär.

Bu ösüşleriň merkezinde bolsa ynanyşmaga esaslanýan liderlik gatnaşyklary durýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýola goýlan ynamly gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadyny üpjün edýär. Soňky ýyllarda amala aşyrylan ýokary derejeli saparlar, iki ýurduň baý tebigy serişdelerinden we ösen infrastrukturasyndan netijeli peýdalanmak boýunça ylalaşyklar bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugta esasda dowam etjekdigini görkezýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
yol hereketi 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

pagta 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pagta ýygymy möwsümi — jogapkärli döwür

Soňkylar Habar

GitTop