Dark
Light
25.01.2026
sport woley THE ASHGABAT TIMES

Türkmen sporty şöhratlanýar

10.09.2025

Türkmenistanyň sport ulgamynda alnyp barylýan üstünlikli özgertmeler döwrüň talabyna laýyklykda ösüp gelýän ýaşlaryň beden we ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine giň mümkinçilik döredýär. 2025–2026-njy okuw ýylynda hem Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda türgenleşikler dowam edýär. Bu okuw ýylynda mekdepde sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işleri guralyp, ýaşlaryň sagdyn ösüşi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde häzirki wagtda sport görnüşleriniň 9-sy boýunça türgenleşikler alnyp barylýar: futbol, woleýbol, boks, erkin göreş, dzýudo, milli göreş, guşakly göreş, ýeňil atletika, agyr atletika. Bu ýerde döredilýän mümkinçilikler ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olary sebit hem milli derejedäki ýaryşlara taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Mekdep internatymyzda okuw-türgenleşik işleri dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Okuwçylaryň sport taýýarlygyny güýçlendirmek üçin döwrebap türgenleşik enjamlary, ýöriteleşdirilen sport meýdançalary, täze tehnologiýalar işjeň peýdalanylýar. Tälimçilerimiz ýaş türgenleriň diňe fiziki taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem kämilleşmegine aýratyn üns berýärler. Okuwçylara sportuň terbiýeçilik ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, Watana wepalylyk, toparlaýyn işiň ähmiýeti barada sapaklar berilýär.

Jemläp aýdanyňda, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatynda guralýan türgenleşikler ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrýar, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkidýär hem-de ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy baýram edilýän şu günlerde ýaş türgenleriň üstünlikleri ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň nyşany bolup, Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir.

Öwezmyrat ANNAKOW,
Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň okuw-sport işleri boýunça orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

s1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Medeniýetli nesilleri kemala getirmegiň ýolunda

310122 01 resized 216ab0baddbc8fc2c48cfde5c41c6416e51d3edf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop