Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Geçen 33 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmak bilen, köptaraplaýyn ulgamyň möhüm gatnaşyjylarynyň birine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasy häzirki zaman türkmen döwletiniň taryhynda aýratyn orun tutýar. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan üç gezek biragyzdan ykrar edildi.
BMG-niň esasy alty edarasynyň biri bolan Baş Assambleýa onuň iň iri wekilçilikli düzümidir. Baş Assambleýa her ýyl nobatdaky sessiýasyna sentýabr aýynyň üçünji hepdesinde ýygnanýar we ol bir ýylyň dowamynda hereket edýär. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelýän ýubileý sessiýa «Bilelikde işlemek: parahatçylygyň, ösüşiň, adam hukuklarynyň we öňe barýan ýoluň bähbidine bilelikdäki işiň 80 ýyllygy» mowzugynda geçýär. Däp bolşy ýaly, 23 — 30-njy sentýabr aralygynda guramanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda ýokary derejeli mejlis hem-de umumy çekişmeler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, taryhy söz sözlemegi ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklan möhüm ädim bolupdy. Şu ýyl hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýubileý sessiýada çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi. Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş sekretary we käbir ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşyklary geçirdi. Munuň özi gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.
Enejan MAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.