Dark
Light
27.12.2025
halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti

19.09.2025

Parasatly pederlerimiz «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli il — döwletli il» diýen ýaly aýtgylary döredip, her bir işde il-halka geňeşipdirler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu mizemez ýörelgäniň mynasyp dowamat-dowamydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen bu umumymilli forum nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana halkymyz baş baýrama — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şunda bu ählihalk forumy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýyl ýazgysynda möhüm ähmiýetli taryhy seneleriň biri hökmünde orun alýar. Çünki Halk Maslahaty, ilkinji nobatda, agzybirligiň, adalatlylygyň jebisligiň dabaralanmasydyr.

Täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň ula hormat goýmak, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlaryň başyna barlanda, ýaşulular bilen maslahatlaşyp, olaryň öwüt-nesihatlaryndan ugur almak ýaly asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 20-nji awgustynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirmezden öň Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen duşuşyp, olar bilen maslahat etmeginiň milli ýörelgelerimiziň özboluşly dowamy bolandygyny nygtamak gerek.

Halk Maslahaty beýik işleriň başlangyjy, türkmen halkynyň geljegidir. Beýik işler bolsa hemişe adamlaryň kalbyny ýagtyldýar, geljegine röwşenlik çaýýar. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, taryhy ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözleri her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Akbäbek GURBANGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 111 toparynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mig 2317 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

bruce hough training THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA zenanlarda onkologiýa kesellerini bejermek boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga tehniki goldaw berýär

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop