Dark
Light
03.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Bitaraplyk Syýasaty: Parahatçylygyň we Ynanyşmagyň Ählumumy Nusgasy

26.09.2025

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär.

2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edýän Kararnamanyň giriş böleginde birnäçe döwletleriň yglan eden we alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny aýratyn nygtalýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň diňe bir ykrar edilmän, eýsem, iň ýokary halkara derejede goldanylýandygynyň hem güwäsi bolup durýar. Kararnamanyň esasy bölegi onuň many-mazmunyny anyk hereketlere gönükdirip, ony diňe bir resminama däl-de, eýsem, degişli ugurda işler üçin gollanma öwürýär. 

Halkara Bitaraplyk gününi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny hem-de Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny hem görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň daşary syýasatyna ynamy has-da pugtalandyrýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilmegi ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu waka Türkmenistanyň degişli başlangyjyň çäklerinde dünýä diplomatiýasynyň merkezine öwrülmegini şertlendirer. Forum tejribe alyşmak, ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolup, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyk döredijilik ulgamynda ornuny pugtalandyrmaga, onuň hemişelik Bitaraplyk derejesine ünsi çekmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň ykdysady ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly energetika howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, ekologiýa diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hem wajyp meýdança bolup hyzmat edýär. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýalaşdyrylan ugurlarynyň döredilmegi, sebitleri birleşdirýän ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meseleleriň bilelikde çözülmegi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamasy parahatçylyk döredijilik diplomatiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr bolup, Türkmenistanyň yzygiderli we işjeň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hususan-da, jemleýji forumy Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň goldanylmagy halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy ilerletmek işinde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuny ykrar edýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty ählumumy derejede ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan has adalatly halkara gatnaşyklar ulgamyny döretmäge goşant goşup, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşmegini dowam edýär.

Ýazberdi AKYMMAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

19092025 001 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda möhüm başlangyçlar

1920 683dca53b09c600060efb6d6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mongoliýada taryhyň iň gadymy dinozawrynyň galyndylary tapyldy

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop