Dark
Light
25.01.2026
mig 2317 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

19.09.2025

Düýn, 18-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.

Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. 

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli modeller öýleriniň lybaslarynyň dabaraly görkezilişi hem guraldy. Sergi 20-nji sentýabrda öz işini tamamlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maya goyum forum 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär

halk maslahat logo THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop