morganes second mission THE ASHGABAT TIMES

UNFPA maşgala abadançylygy babatda kanunçylyk işlerini kämilleşdirmekde tehniki goldaw berýär

12.09.2025

Aşgabat, 11-nji sentýabr 2025 – 2025-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy maşgala abadançylygyny üpjün etmek we maşgaladaky zorluga garşy göreşmek boýunça kanunlary kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan konsultatiw duşuşygyny geçirdi. Çärä ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk UNFPA-nyň halkara maslahatçysy hanym Morgan Landel tarapyndan alnyp baryldy.

Konsultatiw duşuşyk, «Türkmenistanda Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça Milli synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmegiň 2022–2025 ýyllar üçin ýol kartasy» we 2024-nji ýylyň martynda Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň jemleýji maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça tehniki goldaw bermegiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga gatnaşyjylar aýallaryň hukuklaryny goramakdaky halkara tejribeleri, şeýle hem degişli düzgünleri Türkmenistanda kanunçylyk işine girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maşgala abadançylygy we aýallara garşy maşgaladaky zorluga garşy durmak boýunça toplumlaýyn kanuny kabul etmek, aýal-gyzlary goramak üçin hemmetaraplaýyn, institutlaşdyrylan hukuk binýady döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa zorlugy jenaýat hökmünde anyk kesgitlemek, derrew goragy üpjün etjek proseduralary bellemek, ähli möhüm gulluklaryň işini utgaşdyrmak we aragatnaşyk mehanizmini döretmek, şeýle hem ejir çekenlere goldaw bermek üçin zerur maliýe serişdelerini we mümkinçiliklerini üpjün etmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Kanunçylygy kämilleşdirmek aýal-gyzlara garşy zorluga netijeli garşy göreşmegiň we ýurduň gender deňligini gazanmagynyň esasy şertidir.

Hanym Morgan Landeliň Türkmenistana 2025-nji ýylda ikinji gezek sapar bilen gelmegi UNFPA-nyň ýurduň milli kuwwatyny ösdürmekdäki tagallaryna yzygiderli goldawyny görkezýär. Geçirilýän maslahatlar UNFPA bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň bir bölegidir. Bu hyzmatdaşlyk, gender deňligini üpjün etmek we aýallaryň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk binýadyny we ýurduň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.



Hanym Morgan Landel
– Fransiýaly halkara jenaýat hukuklary we adam hukuklary boýunça hünärmen. Ol 15 ýyldan gowrak adalatyň elýeterli bolmagy, adam hukuklary, gender deňligi we aýallara garşy zorluk meselelerinde iş tejribesine eýedir. Hanym Landel halkara jenaýat hukugy, ynsanperwerlik hukugy we adam hukuklary boýunça neşirleriň awtordyr. Şeýle hem, hanym Landel fransuz we iňlis dillerinde erkin gürleýär.

Goşmaça maglumat üçin: Mehri Karakulowa,Gender deňligi we ýaşlar syýasaty babatyndaky meseleleri boýunça bolüm müdiri;; karakulova@unfpa.org

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Garaşsyzlyk – ömürleriň aýdymy

241223 02 nebit THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nebit we gaz pudagynda ýetilen belent sepgitler

Soňkylar Habar

GitTop