yaslar taze 11 THE ASHGABAT TIMES

Watanymyzyň kuwwatly güýji

09.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu babatda möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Innowasiýalaryň ösen zamanynda ýaşlara döwletimiziň kuwwatly güýji, nurana maksatlara ýugrulan röwşen geljegi hökmünde garalýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýädäki halkara abraýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Muny halkara döredijilik we bilim bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, sport ýaryşlarynda türkmen ýaşlarynyň ýokary netijeleri gazanýandygyndan hem görmek bolýar. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda ýaşlara uly ähmiýet berlip, bu ugurda anyk maksatly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek, bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, meýilleşdirilen işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýaşlar barada alnyp barylýan döwletli işleriň kanunçylyk esasynda berkidilmegi belent sepgitlere ýetmäge uly mümkinçilik berýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge amatly şertleri döredýär. Mundan başga-da, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda ýaşlara näderejede üns berilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Biz — ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagymyz, saýlap alan hünärimizde kämilleşmegimiz üçin tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, parahatçylygyň, dost-doganlygyň binýadyny berkidýän Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mähri SYÝAHADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:53 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bass THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Terbiýeçilik işinde ýol hereketi

img 7290 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugynyň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop