Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşinde emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti aýratyn möhüm ugurlaryň biri hökmünde öňe çykýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynda emeli aň diňe bir ylmy-barlag ulgamlarynda ýa-da sanly ulgamda däl, eýsem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ornaşdyrylýar. Şeýle tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ilkinji nobatda ykdysady prosesleriň awtomatlaşdyrylmagyna, maglumatlaryň netijeli seljerilmegine, önümçilik bilen hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, ykdysady çaklamalaryň has takyk ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Netijede ykdysadyýet diňe adamyň subýektiw tejribesine däl, eýsem maglumatlaryň çuňňur seljermesine daýanýan ylmy esasly ulgam bolup öwrülýär.
Emeli aňyň ykdysadyýetdäki esasy ähmiýetleriniň biri maglumatlary toplamak we seljermek bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýeti maglumatlaryň uly möçberine daýanýar. Bank ulgamlarynda, önümçilikde, söwda ulgamynda, hyzmatlar ulgamynda we beýleki pudaklarda uly maglumatlar sekuntlaryň dowamynda emele gelýär. Bu maglumatlary adaty usullar bilen işlemek kyn bolsa, emeli aň tehnologiýalary olaryň seljerilmegini we peýdalanylmagyny ýeňilleşdirýär. Mysal üçin, bank ulgamlarynda müşderileriň maliýe tranzaksiýalary boýunça maglumatlar emeli aň tarapyndan seljerilýär we müşderiniň isleglerine laýyklykda täze hyzmatlar hödürlenýär. Şeýle hem dürli töwekgelçilikleriň öňüni almak, galplyklaryň ýüze çykarylmagy emeli aň arkaly çalt ýerine ýetirilýär.
Önümçilik ulgamynda emeli aň önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Fabriklerde, zawodlarda önümçilik enjamlaryndaky ýagdaýlar emeli aň ulgamlary arkaly yzygiderli seljerilýär. Enjamlaryň näsazlyklary öňünden çaklanyp, olaryň abatlaýyş işleriniň wagtynda ýerine ýetirilmegi üpjün edilýär. Şeýlelikde önümçiligiň bökdençsiz dowam etmegine mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, emeli aň arkaly önümçilik prosesleriniň netijeliligi seljerilip, iň az çykdajy bilen iň ýokary netijäni almak üçin täze çözgütler işlenip taýýarlanylýar. Netijede önümçiligiň netijeliligi ýokarlanýar we ykdysady ösüş üçin has amatly şertler döredilýär.
Söwda ulgamynda emeli aň müşderileriň islegleriniň seljerilmeginde möhüm orny eýeleýär. Internet söwda ulgamynda müşderiniň öňki satyn alan harytlary, gözden geçiren sahypalary, onuň ýaş aýratynlyklary we ýaşaýyş ýeriniň aýratynlyklary esasynda täze teklipler taýýarlanylýar. Bu bolsa söwda ulgamynyň girdejisini ýokarlandyrýar we müşderiniň razylygyny artdyrýar. Şeýle hem logistika ulgamynda emeli aňyň ähmiýeti örän uly bolup, harytlaryň iň gysga wagtda we amatly çykdajy bilen müşderä ýetirilmegini üpjün edýär.
Maliýe we bank ulgamynda emeli aňyň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda dünýäniň iri banklary emeli aň tehnologiýalaryny müşderileriň hyzmatlaryna ornaşdyrýarlar. Mysal üçin, akylly chatbotlaryň arkaly müşderilere hyzmat etmek, müşderiniň soraglaryna dessine jogap bermek mümkinçiligi döredilýär. Şeýle hem emeli aň ulgamlary arkaly kredit töwekgelçilikleri seljerilýär, ýagny müşderiniň maliýe ýagdaýyna görä onuň karz almak ukyby hasaplanýar. Bu bolsa banklaryň öz serişdelerini howpsuz saklamagyna we müşderiler bilen has netijeli aragatnaşyk saklamagyna mümkinçilik berýär.
Ýene bir möhüm ugur ykdysady çaklamalarda emeli aňyň orny bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ösmeginde dürli krizisler, maliýe kynçylyklary ýüze çykyp bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňünden çaklanylmagy we olaryň öňüni almak boýunça çäreleriň görülmegi üçin emeli aň tehnologiýalary giňden ulanylýar. Mysal üçin, bazardaky harytlaryň bahalarynyň üýtgemegi, ykdysady krizisiň döreme ähtimallygy, halkara bazarlardaky täsirler ýaly ýagdaýlar emeli aň arkaly öňünden çaklanyp bilýär. Şeýle maglumatlaryň esasynda döwletler öz ykdysady syýasatlaryny wagtynda üýtgedip, halkyň durmuş derejesini durnukly saklamaga mümkinçilik alýarlar.
Emeli aňyň ykdysadyýetdäki ähmiýetiniň aýratyn möhüm böleklerinden biri hem täze iş mümkinçilikleriniň döremegidir. Sanly ykdysadyýetde täze hünärler peýda bolýar, täze hyzmatlar döredilýär. Bu bolsa jemgyýetiň işgärleriniň täze bilimleri we ukyplary özleşdirmegini talap edýär. Şeýlelikde emeli aň diňe ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrman, eýsem jemgyýetiň bilim derejesiniň hem ösmegine täsir edýär.
Ýöne emeli aňyň ykdysadyýetde ornaşdyrylmagynda käbir kynçylyklar hem bar. Ilki bilen maglumat howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler möhüm bolup durýar. Uly maglumatlaryň ýygnalmagy we olaryň saklanmagy howpsuzlyk ulgamynyň berk bolmagyny talap edýär. Şeýle-de jemgyýetiň käbir gatlaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanmak ukybynyň pesligi emeli aňyň peýdalanylyşynda päsgelçilik döredýär. Şol sebäpli emeli aň tehnologiýalarynyň ykdysadyýete üstünlikli ornaşdyrylmagy üçin jemgyýetde sanly sowatlylygyň derejesi ýokarlandyrylmalydyr.
Netijede, emeli aň häzirki döwrüň ykdysadyýetinde diňe bir tehnologiýa däl, eýsem ösüşiň möhüm strategiýasy hökmünde çykyş edýär. Ol ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maglumatlaryň netijeli ulanylmagyny, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny, müşderi hyzmatlarynyň hiliniň gowulanmagyny, maliýe durnuklylygynyň üpjün edilmegini üpjün edýär. Şeýle tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň sanly ösüşine ýol açýar we dünýäniň ykdysady ösüşiniň täze ugurlaryny kesgitleýär.
Aýgül GANDYMOWA
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby