yol hereketi jem THE ASHGABAT TIMES

Ýollarymyz asuda – ilimiz abadan

29.09.2025

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, her ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň mazmuny hem ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden gözbaş alýar.

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň asylly başlangyjy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar Watanymyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna ýaly tekiz, giň ýollaryň, köprüleriň, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda oňyn şertler döredilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň çäginden geçýän, durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň we täze gurlan Keýmir kör şaýolunyň hem-de olaryň çatrygynda ýerleşýän köpzolakly döwrebap köpriniň açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Ýol-ulag düzümine degişli bu desgalar ulaglaryň we aragatnaşygyň hereketini sazlaşykly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, güýzüň ilkinji gününde täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýollardaky hereket hem işjeňleşýär. Şunuň bilen baglylykda, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat işlerini geçirmek möhüm ähmiýete eýedir. Sentýabr aýynyň bütin dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde biraýlygyň ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlara yzygiderli orun berilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmek babatynda gymmatly maslahatlar berilýär.

Jemläp aýdanyňda, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly  biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň jan saglygyny gorap saklamakda, ömrümiziň howpsuzlygyny gazanmakda, döwletimiziň abadanlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň abadançylygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:38 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

000025863 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

UNFPA reproduktiw islegleri öwrenmegiň metodologiýasy boýunça okuw maslahatyny geçirdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop