garassyzlyk bar THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly

04.10.2025

Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Şunuň bilen baglylykda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden dabaralandyrylyp, baýramçylyk çäreleri köpöwüşginliligi we ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuwlan arzyly gymmatlygydyr, ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Milli Liderimiz 2023-nji ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçen umumy sapagynda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip belledi. Şu jähetden, döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemleýär.

Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Şunuň esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň geljegini kesgitledi. Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Syýasy asudalygy, halkyň jebisligini has-da berkitdi. Il-günüň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepiline öwrüldi. Türkmenistanda ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär.

Altyn GOÝMADOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:30 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
347588948207368 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hytaýda dünýäniň iň beýik köprüsü açyldy

energetika elektrik THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Energetika pudagy – ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop